Somali 2024-nji ýylda öz çäginde taryhynda ilkinji nebiti gazyp almagy göz öňünde tutýar. Bu barada Somaliniň nebit we mineral baýlyklary ministri Abdirizak Omar Mohamede salgylanyp, Garowe portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Iş Galmudug, Günorta-Günbatar we Jubalend ştatlaryndaky ýataklarda alnyp barlar. Geoseýsmik gözleglere görä, Somaliniň potensial nebit we tebigy gaz gorlary, takmynan, 30 mlrd barrele barabardyr. Somaliniň häkimiýetleri Coastline Exploration amerikan kompaniýasy bilen nebit gorlaryny işlemek barada heniz 2022-nji ýylda şertnama baglaşdylar. Şertnama amerikaly kompaniýa Somali şelfiniň ýedi blogunda nebit gözlegini geçirmek hukugyny berýär. 2023-nji ýylyň iýul aýynda dünýäde çykarylýan nebit gorlary 1,62 trln barrel bilen bahalandyryldy. Ýangyç ätiýaçlyklary boýunça dünýä lideri 271 mlrd barrel bilen Saud Arabystanydyr. Ikinji orunda 192 mlrd barrel bilen ABŞ ýerleşýär. Üçlügi 143 mlrd barrel bilen Russiýa jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir