Aktýor Will Smit “Sugar Bandits” (“Şeker talaňçylary”) kriminal filminde baş keşbe eýe boldy. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. 55 ýaşly aktýor Yrakda Nil Meýwen atly uruş weteranynyň keşbini ýerine ýetirer. Sýužet boýunça Meýwen Bostonyň neşe söwdasyna garşy gönükdirilen beýleki harby weteranlar bilen bileleşik döredýär. Filmdäki keşp Smit üçin 2022-nji ýyldaky “Azat ediş” (“Emancipation”) filmindäki keşbinden bäri ilkinji uly taslama boldy. “Sugar Bandits” filminiň ssenariýalary Çak Hoganyň 2010-njy ýyldaky “Sürgündäki melgunlar” kitabyna esaslanýar. Taslama on ýyldan gowrak wagt bäri işlenilýär, sebäbi kitabyň ekranlaşdyrylmasy ilkibaşda 2013-nji ýylda Universal kompaniýasyna teklip edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir