Arheologlar 1977-nji ýylda ýüze çykarylan gadymy grek mazaryndan tapylan galyndylaryň kime degişlidigini anykladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, olar Aleksandr Makedonskiniň kakasy Filip II-ä degişlidir. Ilki bilen, alymlar serkerdäniň kakasynyň, uly öweý doganynyň we oglunyň mazarda jaýlanandygyna ynanýardylar. Arheologlar soňra bu galyndylaryň onuň kakasynyňky we öweý doganynyňky däl diýip, bu garaýşyň ýalňyşdygyny aýtdylar. Hünärmenler soňky gözleglerden soň, Aleksandr Makedonskiniň kakasy we dogany hakykatdanam bu ýerde jaýlandy diýen netijä geldiler. Başlangyç netijelerde säwlik goýberilipdir. Filip II-niň galyndylary hasaplanan skelet, aslynda, Makedonskiniň öweý doganyna degişli eken. Doganynyň skeleti bolsa, tersine, kakasyna degişli diýip, «Daily Mail» habar berýär. Filip II b.e. öňki 359 – 336-njy ýyllarda höküm süren Argeadlar nesilşalygyndan Makedoniýanyň patyşasy bolupdyr. Hökümdar hökmünde ol Makedoniýany birleşdirip, serhetlerdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmagy başarypdyr. Onuň höküm süren ýyllarynda ykdysadyýet çalt depginler bilen ösüpdir we altyn-kümüş teňňeler zikgelenipdir. Mundan başga-da, Filip II pyýada goşundan we aristokrat getaýr atlylaryndan ybarat güýçli goşun döredipdir. Goşuny bilen Egeý deňziniň demirgazyk kenaryndaky grek koloniýalaryny basyp alypdyr. Onuň işlerini ogly – Beýik adyny alan Aleksandr III dowam etdiripdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir