Kolumbiýaly pop ýyldyzy Şakira «Las Mujeres Ya No Lloran» (ispan dilinde «Zenanlar indi aglamaz») atly 12-nji albomynyň çykjakdygyny habar berdi. Bu albom aýdymçynyň 2017-nji ýyldan bäri ilkinji toplumy bolar. «Bu eseri döretmek alhimiki prosesdi. Her aýdymy ýazanymda, özümi şoňa görä üýtgedipdim. Olary aýdanymda gözýaşlarym almaz daşlaryna, ejizligim güýç-kuwwata öwrüldi» diýip, aýdymçy belledi. Albomyň daşynda Şakiranyň ýüzünde almaz göz ýaşlary şekillendirilýär. Albom 16 aýdymy öz içine alýar, şolaryň arasynda Karol G we Rau Alehandro bilen birlikde ýerine ýetirilen aýdymlar bar. «Las Mujeres Ya No Lloran» ilkinji gezek 22-nji martda tanyşdyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir