Nikolas Keýj Amazon Prime Video-da çykjak täze “Möý-adam: Nuar” laýw-ekşn serialynyň ýyldyzy bolup biler. TheDirect muny Ankler-e salgylanyp habar berýär. Taslamada wakalar 1930-njy ýyllarda Nýu-Ýorkda ýaýbaňlanýar. Muşdaklaryň söýgüsini gazanan “Möý-adam: Älemler içre” multfilminde Keýjiň bu keşbi janlandyrmakda eýýäm tejribesi bar. “Möý-adam: Nuar” Prime Video üçin işlenip düzülen iki sany “Möý-adam” serialynyň biridir. Ikinjisine - “Ýüpek: Möýler jemgyýeti”-ne 2023-nji ýylda Golliwudyň ssenariçileriniň iş taşlaýyşlary sebäpli arakesme berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir