Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos kompaniýanyň, takmynan, 2 mlrd dollarlyk paýnamasyny satdy. Report agentliginiň “Forbes” žurnalyna salgylanyp habar bermegine görä, ol 7-nji we 8-nji fewralda, takmynan, 12 mln paýnama satdy. Baýlygy 196 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bezos öz paýnamalaryny iki ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek satýar. Ol bir hepdede özüne degişli paýnamalaryň, takmynan, 1%-inden aýryldy. Bezosyň Amazon-yň ýolbaşçysy wezipesini terk edendigine garamazdan, ol müdirler geňeşinde galdy. Şeýle-de, ol kompaniýanyň iň uly paýdarydyr – oňa Amazon-yň 9,4%-i degişli. “Forbesiň” hasabyna görä, Bezos milliarderleriň sanawynda üçünji orny eýeleýär. Ondan öňde SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask ($201,6 mlrd) we LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno ($219,2 mlrd) bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir