Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy hasaba alnan ýerini Delawerden Newada ştatyna üýtgetdi. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň baş edarasy Kaliforniýada ýerleşýär. Mask Newadanyň sanawynda onuň prezidenti hökmünde görkezilýär. Ýatlap geçsek, fewral aýynyň başynda Mask X sosial ulgamynda ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy Tesla-nyň hasaba alnan ýerini Delawerden Tehasa üýtgetmek barada haýal etmän paýdarlaryň arasynda ses berişlik geçirjekdigini ýazypdy. Çünki, Delaweriň kazyýeti Tesla-nyň müdirler geňeşiniň 2018-nji ýyldaky Ilon Maska kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde 55,8 mlrd dollarlyk kompensasiýa bukjasyny bermek kararyny ýatyrdy. Kazyýet muny paýdarlara gatnaşykda adalatsyz hasaplady. Bu wakadan soň, Mask sosial ulgamda: “Kompaniýany hiç haçan Delawer ştatynda hasaba almaň. Eger siz meseleleri paýdarlaryň çözmegini isleseňiz, Newadada ýa-da Tehasda hasaba durmagyňyzy maslahat berýärin” diýip ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir