2009-njy ýylyň 10-njy fewralynda kosmosda emeli hemralaryň taryhda ilkinji çaknyşygy bolup geçdi. Russiýanyň hereket etmeýän “Kosmos-2251” hemrasynyň we hereket edýän amerikan Iridium-33 hemrasynyň orbitalary, takmynan, 800 km belentlikde Sibiriň üstünde kesişdi. Olaryň weýran bolmagy netijesinde 2300-den gowrak döwük bölekler emele geldi. Bu hadysa kosmos zibili meselesini has ýitileşdirdi. 1957-nji ýylda kosmos eýýamynyň başlanaly bäri 6,5 müňden gowrak üstünlikli raketa uçurylyşy amala aşyryldy, orbita 16,9 müňden gowrak hemra çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde, takmynan, 11,5 müň hemra (şol sanda 9 müň sany hereketde bolan) we 2 müňden gowrak işlenen raketa basgançaklary kosmosda galýar. Häzire çenli döwük bölekleriň (çaknyşmalaryň, weýran bolmalaryň, hatardan çykmalaryň we ş.m) döremegine getiren 640-dan gowrak hadysa hasaba alyndy. Orbitada emeli obýektleriň umumy massasy eýýäm 11,5 müň tonnadan geçýär. Şolardan diňe iň ulularyna (takmynan, 35 müň) Ýerden gözegçilik edilýär we kataloglaşdyrylýar. Statistik hasaplamalara görä, kosmos zibiliniň umumy mukdary 100 mln bölekden geçýär. Onuň agramly bölegi 10 sm çenli ululykdaky döwük böleklerden we azyndan 1 sm ölçegli kiçi bölejiklerden durýar. Muňa garamazdan, ägirt ýokary tizlikde (7-8 km/s) hereket edýän hatda şeýle kiçijik obýektler hem uly zyýan ýetirip biler we kosmos enjamlarynyň weýran bolmagyna sebäp bolup biler. NASA-nyň hasaplamalaryna görä, kosmos zibili üçin esasy jogapkärçilik kosmos ugrundan öňdebaryjy bolan Russiýa, ABŞ-a we Hytaýa düşýär. Soňky hasaba alnan hadysalaryň arasynda – 2023-nji ýylyň iýun aýynda 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal uçurylan “Kosmos-2143” sowet hemrasy dargady. Hünärmenler kosmos zibili meselesini çözmek üçin hemralary we raketalary galyndylaryň emele gelmegini azaldar, partlamalaryň öňüni alar, işlemeýän enjamlary orbitadan aýrar ýa-da olary “gonamçylyk” orbitalaryna geçirer, çaknyşmalardan gaçar ýaly ýagdaýda taslamagy görkezýän halkara ülňülerini we kadalaryny berjaý etmegiň zerurdygyny belleýärler. Şeýle-de, kosmos zibilini ýygnamak we gaýtadan ulanmak üçin tehnologiýalary işläp düzmek we ulanmak gerek. Bellemeli ýeri, 2009-njy ýylda hemralaryň çaknyşmasy hünärmenler üçin garaşylmadyk hadysa boldy, sebäbi şeýle wakanyň bolmak ähtimallygy 10 müň ýylda bir hadysa diýlip çaklanylypdy. Ýöne, hünärmenleriň pikiriçe, kosmos zibilleriniň sanyny azaltmak boýunça çäreler görülmese, şeýle çaknyşmalar geljekde ýygy-ýygydan bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir