Golliwudyň iň abraýly we üstünlikli aktýorlaryndan biri bolan Denzel Waşington Akira Kurosawanyň “Jennet we dowzah” atly klassiki filminiň gaýtadan surata düşürilen “Beýiklik we peslik” atly trillerinde baş keşbi janlandyrar. Taslama Waşingtonyň eýýäm bäş filmde bilelikde işleşen kärdeşi Spaýk Li režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär. Filmde oglunyň alnyp gaçylandygy we oňa uly töleg talap edilendigi habar berlende, kyn ýagdaýa düşen telekeçiniň başdan geçiren wakasy gürrüň berilýär. Emma tizara ogrularyň ýalňyşyp, telekeçiniň sürüjisiniň ogluny alyp gidendikleri aýan bolýar. Telekeçi durmuşyna täsirini ýetirip biljek aýgytly karara gelmeli: öz maddy abadançylygyňy orta goýup, töwekgelçilik etmek bilen başga biriniň çagasyny halas etmelimi ýa-da wyždanyňy ýitirip, tölegi tölemekden ýüz öwürmelimi. “Beýiklik we peslik” filmi Ed Makbeýniň Kurosawanyň filmine esas bolup hyzmat eden “Kingiň tölegi” romanynyň edebi ýazgysy esasynda surata düşüriler. Film Studio A24 we Apple Original Films tarapyndan öndüriler we paýlanar. Filmi şu ýylyň mart aýynda surata düşürip başlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir