«Aston Martin» «Vantage» kupesiniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň alty ýyllyk önümçiliginden soň gaýtadan işlenen nusgasy çykaryldy. Awtoulagyň öňdäki bamperiniň uly bölegini tutýan uly radiator gözenegi has döwrebap dizaýna eýedir. Tehniki aýratynlyklar hem has kämilleşdirildi. Hususan-da, bu britan sport awtoulaglary üçin «Mercedes-Benz» tarapyndan öndürilýän V8 hereketlendirijisiniň kuwwaty 153 at güýji ýokarlandy we 665 at güýjüne ýetdi. Motory täze turbokompressorlar we paýlaýjy ulgamlar bilen üpjün edildi, şeýle hem sowadyş we howa basyş ulgamynda üç sany täze ýylylyk çalşyjy ýerleşdirildi. «Aston Martin» kompaniýasynyň inženerleri kuzowyň gurluşyny hem üýtgedip, onuň berkligini ýokarlandyrdylar we stabilizatorlaryň keşbini üýtgetdiler. Şeýle hem awtoulag karbon-keramiki diskleri bolan tormozlar bilen üpjün edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir