Golliwudyň meşhur aktýory Silwestr Stallone özünden soň Rembonyň keşbini janlandyrmagy haýsy aktýora ynanjakdygyny aýtdy. Onuň söhbetdeşligi «The Tonight Show Starring Jimmy Fallon» gepleşiginiň «YouTube» kanalynda ýerleşdirildi. Rembonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýoryň bellemegine görä, ol bu «estafetany» amerikan aktýory Raýan Goslinge geçirmek isleýär. Stallone kärdeşi bilen duşuşykdan soň bu netijä gelipdir. «Ol Rembo bilen köp umumylygynyň bardygyny aýtdy. Şonda men: «Bu gyzykly bolup biler. Eger-de men haçan-da bolsa bu «estafetany» birine geçirsem, onda hökman oňa bererin, sebäbi ol bu gahrymany gowy görýär» diýip, aktýor belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir