Ýer bilen Marsyň arasyndaky aragatnaşyk – geljekde Gyzyl planeta amala aşyryljak missiýalar üçin iň kyn we möhüm meseleleriň biridir. Maglumatlary radio tolkunlary arkaly geçirmegiň bar bolan usullarynda ep-esli gijä galmak, pes geçirijilik we planetanyň ýerleşişine garaşlylyk ýaly köp çäklendirmeler bar. ScienceNews neşiri alymlaryň we inženerleriň Marsda ygtybarly hem-de çalt interneti döretmäge mümkinçilik berjek täze çözgütleri gözleýändigi barada material çap etdi. Şeýle pikirleriň biri - maglumat geçirmek üçin lazerleri ulanmak. Lazer şöhleleri, radiotolkunlara garanda, has ýokary ýygylyga we gysga tolkuna eýe, şonuň üçin ol has az ýitgi bilen köp maglumat geçirip biler. Mundan başga-da, lazerler has takyk gönükdirilip, päsgelçilik we saklanyş töwekgelçiligini azaldyp biler. Şeýle-de bolsa, lazer aragatnaşygynyň atmosfera şertlerine duýgurlygy, takyk sinhronlamanyň zerurlygy we çykdajysynyň köp bolmagy ýaly amatsyz taraplary hem bar. Başga bir pikir - Ýer bilen Marsyň arasynda yzygiderli aragatnaşygy üpjün etjek hemra ulgamyny döretmek. Emeli hemralar iki planetanyň töweregindäki dürli orbitalarda, şeýle hem Lagranže nokatlarynda - planetalaryň we Günüň grawitasiýa güýçleriniň deňagramlaşýan ýerlerinde ýerleşip biler. Şeýle tor gijä galmany azaldar, geçirijiligi ýokarlandyrar we planetalaryň kölegesi düşmek meselesi aradan aýrylar. Bu pikirleriň ikisini-de ulanmagy meýilleşdirýän missiýa - bu 2024-nji ýylda adybir asteroidine syýahata ugrajak “Psiheýa” (Psyche). Psiheýa - bu esasan metaldan emele gelen we weýran bolan planetanyň galyndy ýadrosy bolup biljek özboluşly asteroiddir. “Psiheýa” missiýasy zond bilen Ýeriň arasynda lazer aragatnaşygyny synagdan geçirer, şeýle-de, maglumatlary geçirmek üçin NASA we EKA hemralaryny ulanar. Bu geljekki Mars missiýalary üçin täze tehnologiýalary we ülňüleri ösdürmäge kömek eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir