OpenAI-yň baş direktory Sem Altman Dubaýda geçirilen AI Everything halkara forumynda çykyş edip, emeli aňyň (AI) geljegi we dünýä täsiri baradaky pikirlerini paýlaşdy diýip, Bloomberg habar berýär. Altman BAE-niň adamzada peýdaly boljak täze AI tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin “meýdança” öwrülip biljekdigini aýtdy. Ol Emirlikde munuň üçin ýokary innowasiýa, synaglara açyklyk, baý çeşmeler we strategiki ýerleşiş ýaly ähli zerur şertleriň bardygyny belläp geçdi. Şeýle hem, Altman AI-niň howpsuzlygyny we ahlak kadalaryny üpjün etmek üçin global ülňüleri we kadalaşdyryjylary döretmäge, şeýle hem ösüşden yzda galyp biljek ösüp barýan ýurtlara AI-e girişi giňeltmäge çagyrdy. OpenAI-yň bu maksatlara ýetmek üçin BAE we beýleki hyzmatdaşlar bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy. OpenAI generatiw AI-ni öwrenmek we ösdürmek bilen meşgullanýan telekeçi däl guramadyr. Onuň taslamalarynyň biri - dünýäniň iň güýçli dil modeli bolan GPT-4.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir