“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Daily Express salgylanyp, championat.com habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Klopp iki sany täze desga gurýar. Olaryň biri Maýnsyň golaýynda, Wisbaden şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, Ýurgen Balear adalarynyň dynç almak üçin gowy görýän ýeri bolandygy sebäpli Maýorkada bir öý gurýar. Habar berlişi ýaly, Germaniýadaky öý Kloppyň we onuň aýaly Ullanyň maşgalasyna ýakyn bolmagy üçin gurulýar, olar ýakynda ilkinji gezek ene we ata hem boldular. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Klopp şweýsariýaly işewür we suratkeş Rolf Kniden 3,4 mln funt sterlinge kaşaň emläk satyn aldy. Ýöne, onuň “Liwerpuldaky” işini göz öňünde tutup, häzire çenli gurluşyk işine aýaly jogap bermeli boldy. Klopp maşgalasyna tälimçilik arakesmesinde gurluşyk işine ýolbaşçylygy öz eline aljakdygyny, çünki işiň meýilnamadan yza galýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir