The Hollywood Reporter neşiri “Karateçi oglanjyk” filminiň sikwelinde baş keşbi ýerine ýetirjek aktýoryň adyny aýan etdi. Ol “Asly Hytaýdan bolan amerikaly” serialynyň gahrymany Ben Wan bolar. Bu barada film.ru belleýär. Şeýle-de, taslama Jeki Çan we Ralf Maççio (“Kobra Kaý”) gatnaşar. Režissýorlyk wezipesini Jonatan Entuistl ýerine ýetirer. Häzirlikçe sýužet barada maglumat ýok. Birleşen Ştatlarda “Karateçi oglanjyk 2” filminiň relizi 2024-nji ýylyň 13-nji dekabryna meýilleşdirilýär. “Karateçi ýigit” franşizasy 1980-nji ýyllarda çykaryldy. 2010-njy ýyldaky filmde Jeýden Smit oýnady. Film dünýä prokatynda 359 mln dollar gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir