Maşynyň çyzylmagyndan, reňkiniň sypyrylmagyndan, aýnalary we faralary döwülmekden goramak her bir awtoulag sürüjisiniň esasy aladalarynyň biri bolsa gerek. Tötänleýin ýagdaýlardan hiç kim goragly bolmasa-da, bu ýagdaýlaryň zyýanyny azaltmak üçin çäreleri göreniň kem bolmaz. Aşgabatdaky serwis ähli modellerdäki awtoulaglaryň kuzowyna, aýnalaryna, faralaryna gorag örtüklerini (plýonkalary) 5 ýyl kepillik bilen ýelmäp bermek hyzmatyny hödürleýär. Şeýle hem bu serwis awtoulaglara panorama effektini bermek boýunça hem hyzmaty hödürleýär. Awtoulaglar üçin Sunvision brendiniň gorag örtükleri ulanylýar. Bu örtükler ýokary hil görkezijileri we çydamlylygy bilen dünýäde özüni tanatdy. Gorag örtükleri awtoulaglar ýuwulanda hem hiç hili sypyrylmaýar. Plýonkalaryň ýüzüne çyzyk düşäýende-de, ol öz-özüni dikeldiji häsiýete eýe. Gorag örtükleriniň – reňksiz glýans, mat görnüşleri hem-de gara reňklisi bar. Ähli işler kepillikli ýerine ýetirilýär. Salgysy: Aşgabat ş., 11-nji kiçi etrapça (11 mkr) Telefon: +99365 43-34-30; Instagram: Sunvision_Turkmenistan TikTok: Sunvision_Turkmenistan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir