Aýdymçy Beýonse täze Act II albomyny anons etdi. Onuň relizi 29-njy marta meýilleşdirilýär. Bu barada The New York Times neşirine salgylanyp, life.liga.net habar berýär. Act II Beýonseniň sekizinji albomy we birinji bölümi 2022-nji ýylyň iýul aýynda çykan Renaissance trilogiýasynyň ikinji bölümi bolar. Anonsdan soň Beýonse Texas Hold ’Em we 16 Carriages ady bilen iki sany täze aýdym çykardy. Texas Hold ’Em aýdymy kanadaly artist Lowell bilen bilelikde ýazyldy, prodýuserlik işine we instrumental bezege bolsa Riannon Giddens, Rafael Saadik, Hit-Boy, Natan Ferraro, Killah B gatnaşdy. 16 Carriages aýdymyny ýazmaga Deýw Gemellin, Gewin Uilýams, Jastus West, Rafael Saadik gatnaşdy. Ýatlap geçsek, Beýonse Renaissance albomynyň üstündäki işi üçin dört sany “Gremmi” baýragyny aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir