Florida ştatynyň Neýpls şäheriniň etegindäki üç jaýdan we 3,6 gektar ýer böleginden ybarat toplumyň eýeleri ony 295 mln dollara satuwa çykardylar. Eger ol bu bahadan satyn alynsa, ABŞ-da häzire çenli satylan iň gymmat öý bolar diýip, “The Wall street Journal” ýazýar. Muny kommersant.ru ýetirýär. Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenleriň belleýşi ýaly, şeýle baha beýlekiler bilen bir hatarda onuň ajaýyp ýerde – Meksika aýlagynyň kenarynda ýerleşýändigi, jaýyň we ýer böleginiň ululygy hem-de gämiler üçin hususy aýlagyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, ahyrynda jaýyň birneme arzan bahadan satyn alynmagy mümkin. Soňky ýyllarda azyndan iki öý – Los-Anjeles sebitindäki Casa Encantada willasy we Nýu-Ýorkyň “milliarderleriň köçesi” diýlip atlandyrylýan elita sebitindäki penthaus 250 mln dollara satuwa çykaryldy. Häzir olaryň bahasy 195 mln dollara çenli pese düşdi. Häzirki wagtda rekord şertnama 2019-njy ýylda 240 mln dollara satylan “milliarderleriň köçesindäki” penthausdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir