Prezidentiň mobil aragatnaşyk ulgamyna üç hususy kompaniýany çekmek tabşyrygy berendigine hem-de bu pudagy tankyt edýändigine garamazdan, döwlete degişli “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk ulgamy monopoliýa bolmagynda galýar. Ahal, Mary welaýatynda “Altyn asyryň” nomerini almak üçin her etrap merkezindäki bu kompaniýanyň edarasyna gelip, polisiýanyň gözegçiliginde ýöredilýän nobata ýazylmaly. Ilkiler nobatlar 10-15 günde ýeten bolsa, häzir nobata durýanlara 60-70 günden nobat ýetýär eken. Mysal üçin, Sakarçäge etrabyndan Azat diýen lukman 14-nji martda etrap merkezlerine baryp, “Altyn asyryň” nomerini almaga nobata duranda, bu ugra gözegçilik edýän polisiýa işgäriniň oňa 20-nji maýda gezeginiň ýetýändigi hakynda el bilen ýzylan hat berendigini aýtdy. Duşak şäherçesinden Geldimyrat mugallym bolsa Kaka etrap merkezine gelip, 24-nji martda nomer almaga nobata duranda, 2-nji iýunda nobatynyň ýetýändigini gözegçi polisiýa işgäri oňa dilden düşündiripdir. “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk ulgamyndan özüni Gurbangeldi diýip tanadan ýokary wezipeli hünärmen: “Weaýatlarda, etraplarda biziň mobil aragatnaşyk hyzmatymyzyň örän pesdigini, nobatlaryň köpdügini müşderilerimiziň bolmalysyndan azyndan 3 esse kändigi bilen düşündirse bolar. Eger aragatnaşyk ulgamymyz gowy bolup, internetimiz kadaly işlände, bize müşderi bolmaga isleg bildirýän adamlara aňyrsy 10-15 günüň içinde nomer bermäge mümkinçiligimiz bar, ýerlerde operatorlarymyz ýetik. Ýöne internetimiziň örän haýal, kähalat öçüp galýandygy üçin her etrap günde 10-15 müşderä zordan nomer berip ýetişýär. Islegleriň kändigi, biziň mümkinçiliklerimiziň çäklidigi üçin nobatlarymyz gitdigiçe köpelýär. “Altyn asyr” aragatnaşyk ulgamynyň hilini gowlandyrmak ykdysady däl-de, syýasy meselä öwrüldi” diýdi. Aşgabat şäherine ýazgyň bolup, “Altyn asyr” nomeriň öň ýok bolsa, aňyrsy 10-15 minutyň içinde üç manada bir nomer berýärler, isleg bildirseň internete hem birikdirip berýärler. Ýöne “Altyn asyryň” müşderileri onuň hiliniň örän pesdiginden şikaýat edýärler. Mahlasy, özara söhbetdeşlikde döwlete degişli “Altyn asyryň” hyzmatyndan peýdalanýanlar onuň hiliniň pesdiginden zeýrenýärler, ýerlerde bolsa adamlar onuň elýeter däldiginden nalaýarlar hem uly umyt bilen täze bir hususy aragatnaşyk kompaniýasynyuň gelmegine garaşýarlar.

Köneler, arkadagly tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir