Gucci, Balenciaga we Yves Saint Laurent ýaly moda brendlerini öz içine alýan Kering kompaniýasynyň girdejisi 2023-nji ýylda 4% azalyp, 19,6 mlrd ýewro boldy. Arassa girdeji 17% azalyp, 3 mlrd ýewro barabar boldy. Bu barada kommersant.ru belleýär. Dördünji çärýekde Kering-iň girdejisi 6%, 5 mlrd ýewro çenli azaldy. Bu görkezijileriň peselmegi çaklamalardan has güýçli boldy. Kering girdejiniň 2024-nji ýylda-da azalyp biljekdigini belleýär. 2023-nji ýylda Gucci brendiniň girdejisi 6% azaldy. Kering-iň baş müdiri Fransua-Anri Pino kompaniýanyň, esasan, Gucci-ni janlandyrmaga ünsi jemleýändigini aýtdy. Kompaniýa degişli beýleki brendleriň hem aglabasy girdejileriň azalandygyny görkezdiler: Yves Saint Laurent – 4%, Bottega Veneta – 5%, beýleki brendler (hasabatda olar bir bölüme birleşdirilýär) – 9%. Beýleki lýuks harytlaryny öndürijiler ýaly Kering hem ykdysadyýetiň peselmegi, inflýasiýa we beýleki ýaramaz faktorlaryň netijesinde islegiň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir