Ýaponiýanyň Astroscale Japan kompaniýasy kosmos zibilini öwrenmegi maksat edinýän ilkinji hemrany uçurar. Bu barada taslamanyň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär. ADRAS-J enjamy 19-njy fewralda Täze Zelandiýanyň Mahia ýarym adasynda ýerleşýän hususy Rocket Lab kosmodromyndan uçurylar. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly uly bolmadyk hereketlendirijiler bilen üpjün edilendir, bu bolsa oňa kosmos giňişliginde hereket etmäge we zibillere hem galyndylara has golaý barmaga mümkinçilik berýär. ADRAS-J-niň wezipesi 2009-njy ýylda uçurylan H2A ýapon raketa göterijisiniň basgançagynyň böleklerini öwrenmekden, olary surata düşürmekden we maglumatlary Ýere ibermekden ybarat. Astroscale Japan munuň kosmos zibilini öwrenmek üçin oňa howpsuz ýakynlaşmak boýunça dünýäde ilkinji missiýadygyny belleýär. Üstünlikli bolan ýagdaýynda kompaniýa Ýeriň orbitasyndaky zibilleri aýyrmak tehnologiýasyny ösdürmegi dowam etdirip, bu ugurda dürli ýurtlardan hökümetler hem täjirçilik kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir