Bir wagtlar “Ýyldyz söweşleri” film epopeýasynda “Ölüm ýyldyzynyň” prototipi bolup hyzmat eden Saturnyň hemrasy Mimasda alymlar suwuk suwuň buzasty ummanyny tapdylar diýip, Reuters habar berýär. Pariž obserwatoriýasyndan doktor Waleri Leneniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary NASA-nyň “Kassini” kosmos gämisinden alnan maglumatlary öwrendi. Olar Mimasyň günorta böleginde dykyzlygyň ýokarlanýan zolagynyň bardygyny anykladylar, muny diňe 20-30 kilometr galyňlykdaky buz gatlagynyň aşagynda ummanyň bar bolmagy bilen düşündirip bolar. Ummanyň çuňlugy, takmynan, 10 kilometr. Alymlaryň pikirine görä, Mimasdaky umman degişlilikde golaýda - 25 million ýyl ozal, belki-de, bary-ýogy 5-15 million ýyl ozal emele gelen bolmaly. Bu hemranyň içinde buzy suwa öwren güýçli ýylylyk çeşmesiniň bardygyny görkezýär. Mümkin bolan ýylylygyň çeşmesi Mimasyň içinde güýjeýän deformasiýa we sürtülmä sebäp bolýan, Saturn bilen agyrlyk güýjüniň täsirleşmesi bolup biler. Saturnyň hemrasy Mimas üstündäki ullakan krater sebäpli “Ýyldyz söweşleri” filmindaki “Ölüm ýyldyzyna” meňzeýär. Ozal Mimasda durmuşyň alamatlarynyň bolup bilmejekdigine ynanýardylar, ýöne iň soňky açyş, Gün ulgamymyzyň başga bir ýerinde ýaşaýşyň bolup biljekdigini görkezýän bu çaklamalary düýpgöter täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir