Awstraliýaly alymlar 700 million ýyl ozal planetanyň aşa sowamagyna nämäniň sebäp bolandygyny anykladylar. Bu barada Sidneý uniwersitetiniň web sahypasynda aýdylýar. Doktor Adriana Dutkiewiçiň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary Ýeriň gar şaryna öwrülen döwründäki global Stýort buzlugynyň sebäplerini öwrendi. Geologlar tektonikanyň plita modelirlemesini ulandylar. Geologiýa žurnalynda çap edilen bu gözleg Ýeriň içindäki termostatyň planetanyň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin nähili işleýändigine düşünmäge kömek edýär. Hünärmenler Buz eýýamynyň bolmagyna wulkanlaryndan kömürturşy gazynyň az mukdarda zyňylmagy, şeýle hem gadymy wulkan gaýalarynyň owranyp gitmegi sebäp bolupdyr diýen netijä geldiler. Bu prosesler howanyň kömürturşy gazyny siňdirmek bilen temperaturany peseldýär. Stýort doňaklygynyň, takmynan, 717-den başlap 660 million ýyl ozal (takmynan, 57 million ýyl dowam edipdir) gury ýerde dinozawrlaryň we çylşyrymly ösümlikleriň döremeginden has öň ýüze çykypdyr. Ol Ýer togalagynda ýaşaýşyň ösüşine uly täsir etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir