2024-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk topary Parižde geçiriljek Oýunlarda türgenlere beriljek medallary tanyşdyrdy. «Altyn, kümşi we bürünji Fransiýanyň iň gymmatly metaly – Eýfel diňiniň metaly bilen birleşdirmäge synanyşmak üçin köp tagalla edildi» diýip, 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy Toni Estange belledi. Altyn medalyň agramynyň 529 gram, kümüş medalyň 525 gram, bürünç medalyň bolsa 455 gram boljakdygy habar berildi. Her baýragyň ortasynda Eýfel diňinden alnan 18 grama golaý demir bölegi ýerleşdiriler. Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli, Paralimpiýa oýunlarynyň bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir