Florida Atlantik Uniwersitetiniň (Florida Atlantic University) psihologlar topary dürli şäherleriň ýaşaýjylarynyň şahsyýet tapawudynyň hakyky psihologiki landşafty we munuň olaryň hal-ýagdaýyna nähili täsir edýändigini açyp görkezýän gözleg geçirdi. Hünärmenler adamlarda agdyklyk edýän häsiýetleriň görnüşlerini kesgitlemek üçin şahsyýet tipologiýasyny ulandylar we adamzadyň bäş esasy häsiýetine baha berýän synag taýýarladylar: tejribä açyklyk, wyždanlylyk, ekstrawersiýa, mähribanlyk we neýrotizm. Current Research in Ecological and Social Psychology žurnalynda çap edilen gözlegiň netijelerine görä, ABŞ-nyň her sebitinde bir hili häsiýetiň agdyklyk edýändigi kesgitlendi. Mysal üçin, Manhettende göwnaçyk adamlar, Detroýtda bolsa ynsaply adamlar has köp. Mundan başga-da, häsiýeti jemgyýetindäki köplük bilen gabat gelýän adamlaryň, köpçülikde özlerini “oňaýsyz” duýýanlara garanda, has bagtly, sagdyn we üstünlikli bolýandyklary ýüze çykdy. Synag şahsyýetleriň we jemgyýetleriň biri-birini emele getirýändigini, özüňiz pisint adamlaryň gülläp ösýän jemgyýetinde siziň has bagtly we üstünlikli bolup biljekdigiňizi görkezýär. Şeýle-de bolsa, ylmy barlagçylar umumy netije çykarmakdan ägä bolmaga çagyrýarlar. Käbir sebitler başga hili bolup biler we gözleg jemgyýetçiligiň birmeňzeşdigini aňlatmaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir