“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Amerikan kinosungat akademiýasy 2026-njy ýylda, 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin täze “Kastingde gazanan üstünlikleri üçin” nominasiýasyny girizer. Baýrak kasting direktorlaryna aktýorlaryň has şowly saýlanmalary üçin berler. Dalaşgärleri saýlamagyň düzgüni 2025-nji ýylyň aprel aýynda belli bolar. “Kasting direktorlary kino önümçiliginde möhüm rol oýnaýarlar we Akademiýanyň ösmegi bilen biz kastingi ykrar edýän we baha berýän kategoriýalarymyza buýsanç bilen goşýarys” – diýlip, kinoakademiýanyň habarynda aýdylýar. Soňky gezek “Oskarda” täze nominasiýa 2002-nji ýylda goşuldy. Şonda baýragy iň gowy animasion filmleri döredijiler alyp başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir