Sloweniýaly Aleksander Çeferin 2027-nji ýylda Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýär. Bu barada ol metbugat maslahatynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. Ol koronawirusdan, Superliga bilen bagly wakalardan ýadandygyny hem-de ýyllap görüşmeýän maşgalasynyň ýanynda bolmak isleýändigini, şol sebäpli UEFA-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Öň, UEFA-nyň Kongresi Çeferine dördünji möhlete saýlanmaga mümkinçilik berýän düzgünnama düzedişleriň girizilmegine ses berdi. Çeferin 56 ýaşynda, ol 2016-njy ýylda UEFA-nyň prezidenti saýlandy, soň iki gezek bu wezipä gaýtadan saýlandy. Onuň ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam edýär. Prezidentlik möhletiniň sany üç bilen çäklenýär. UEFA-nyň düzgünnamasyna düzedişler girizilenden soň, Çeferiniň birinji möhleti – 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli – doly derejeli diýlip hasaplanmagyny bes etdi. Şeýlelik bilen, sloweniýalynyň 2027-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň ýolbaşçy saýlawlaryna gatnaşmaga hukugy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir