Tom Kruz Kwentin Tarantinonyň soňky filmi “Film tankytçysynyň” ýyldyzlar ansamblyna goşulyp biler. Žurnalist Jeff Snaýder bu barada The InSneider portalynda habar berýär. Žurnalistiň sözlerine görä, Kruz režissýor bilen gepleşik geçirýär we komediýa-dramada ikinji derejeli keşbi oýnamak üçin meýilnamasyny sazlamaga synanyşýar. Tarantinonyň aýdyşyna görä, “Film tankytçysy” onuň karýerasyndaky onunjy we iň soňky filmdir. Filmiň sýužeti 1977-nji ýylda Günorta Kaliforniýada ýaýbaňlanyp, kino tankytçysy barada gürrüň berýär. Filmi 2025-nji ýylda surata düşürmek meýilleşdirilýär. Çeşmäniň habar bermegine görä, esasy aktýorlaryň biriniň - Bred Pitiň iş tertibi sebäpli önümçilik gijikdirilýär. Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, bu filmde Pittden başga-da, Leonardo Di Kaprio, Kurt Rassel, Pol Walter Hauzer, Semýuel L. Jekson we Jon Trawolta hem keşplerde oýnap biler. Eger Kruiz bu taslama goşulsa, bu onuň Tarantino bilen ilkinji hyzmatdaşlygy bolar. Aktýor Bred Pitt bilen “Wampir bilen söhbetdeşlik” filminde surata düşüpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir