Türkiýe 2024-nji ýylyň jemi boýunça 60 mln syýahatçyny kabul etmegi we syýahatçylyk pudagyndan 60 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Antalýada habar berdi. Muny TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp, TASS ýetirýär. “Biziň syýahatçylyk ugrundan maksadymyz 2024-nji ýylda ýurdumyzda 60 mln syýahatçyny kabul etmekden we syýahatçylykdan 60 mlrd dollar girdeji almakdan ybarat” – diýip, Ärdogan belledi. Öň, şeýle meýilnamany Respublikanyň syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý aýtdy. Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Türkiýä 56,7 mln syýahatçy bardy we bu bir ýyl ozalkydan 12% köpdür. Geçen ýyl syýahatçylykdan gelen girdeji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16,9% ýokarlanyp, 54,3 mlrd dollar boldy. 2022-nji ýylda Türkiýä 51,4 mln syýahatçy barypdy, syýahatçylyk pudagyndan gelen girdeji bolsa 46,5 mlrd dollara deňdi. Türk häkimiýetleri geçen ýyly rekordly diýip bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir