Hususy Polaris Dawn kosmos missiýasynyň işe girizilmegi 2024-nji ýylyň aprel aýyndan tomsuna süýşürildi. Bu barada Polaris Programm kompaniýasynyň wekilleriniň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanyp, gazeta.ru belleýär. Polaris Dawn missiýasynyň dowamynda taryhda ilkinji gezek kosmos syýahatçylaryny gäminiň çäginden açyk kosmosa çykarmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, topar birnäçe ylmy tejribeleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, öňde goýlan maksatlara ýetmek we ekipažyň Ýere howpsuz gaýdyp gelmegini üpjün etmek üçin taslama birnäçe aý taýýarlyk gerek bolar. Missiýanyň topary dört adamdan – milliarder we Polaris kosmos maksatnamasyny dörediji Jared Aýzekmandan, ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň öňki polkownigi Skott Potitden hem-de SpaceX kompaniýasynyň inženerleri Sara Gillis bilen Anna Menondan düzüler. Kosmos syýahatçylary SpaceX-iň Falcon 9 raketa göterijisiniň bortunda Crew Dragon modulynda orbita çykarlar. Ýerden daşary syýahat bäş gün dowam eder. Bu Polaris Dawn-yň işe girizilmeginiň birinji gezek yza süýşürilmesi däl. Ilkibaşda missiýa 2022-nji ýylyň ahyrynda başlamalydy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir