2023-nji ýylda Dubaýa 17,15 mln daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi. Şeýle maglumat Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň statistikasyndan gelip çykýar diýip, interfax.ru habar berýär. Edaranyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň jemi boýunça Dubaýa daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 19,4% ýokarlandy. Syýahatçylaryň esasy bölegi – tas 3,3 mln syýahatçy Günbatar Ýewropadan geldi, umumy syýahatçylar akymynda bu ýurtlaryň paýy 19%-e deň. Biraz tapawut bilen ikinji orny Günorta Aziýa eýeledi (3,1 mln, 18%). Liderleriň üçlügini Russiýa, GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlary jemleýär, bu ýerlerden 2,26 mln myhman geldi, umumy syýahatçylar akymynda syýahatçylaryň paýy bolsa 13%-e barabar. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Ýakyn Gündogar hem Afrika (12%) we Demirgazyk hem Günorta-Gündogar Aziýa (9%) girdi. Geçen ýyl emirligiň myhmanhanalarynyň ortaça dolulygy 77,4% boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Dubaýda eýelenen otaglaryň sany 150 müň (821 myhmanhana), syýahatçylaryň gijelerine galmalarynyň sany 41,7 mln boldy. 2022-nji ýylda Dubaýa 14,36 mln syýahatçy bardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir