Huawei giňeldilen hakykat tehnologiýalary ulgamynda Apple-den yza galmaz. Hytaýyň kompaniýasy bahasy “almaçylaryň” golaýda uly şowhun bilen görkezen Apple Vision Pro-synyň ýarpy bahasyna golaý boljak we agramy hem ondan iki esse ýeňil boljak Vision Pro şleminiň üstünde işleýär. ITHome-nyň habar bermegine görä, Meizu-nyň marketing boýunça öňki müdiri we Numiao Technology-iň esaslandyryjysy Li Nan muny Weibo sosial ulgamynda mälim etdi. Ol Huawei-iň Vision Pro diýip atlandyryljak geljekki täze önümi barada käbir maglumatlary aýan etdi. Bu at Huawei tarapyndan 2019-njy ýylda Hytaýda patentlenipdi. Li Nanyň sözlerine görä, Huawei Vision Pro 15 müň ýuana düşer, bu häzirki walýuta hümmetinde, takmynan, 2,1 müň dollara barabardyr. Deňeşdirip görsek, Apple Vision Pro 3-4 müň dollar diýlip çaklanylýar, ýöne habar beriş serişdeleri Apple -iň şlemiň arzan görnüşiniň üstünde işleýändigini habar berýär. Huawei Vision Pro Sony-niň Micro OLED 4K ekranlary bilen enjamlaşdyrylar, olar Apple Vision Pro-nyňka meňzeş bolup biler. Mundan başga-da, Huawei Vision Pro Huawei-iň öz içerki çipleri arkaly “yza galman diýen ýaly” hereket edýän dolandyryş ulgamyna eýe bolar. Apple-iň garniturasyndan tapawutlylykda, Huawei Vision Pro-da ulanyjynyň nazaryny yzarlamaga we beýleki adamlara görkezmäge mümkinçilik berýän EyeSight bolmaz. Huawei Vision Pro-nyň çykaryljak senesi henizem gizlin saklanýar, ýöne Li Nan Sony-niň şlem üçin ekranlary alty aýyň içinde üpjün etmäge taýýardygyny öňe nygtaýar. Bu Huawei Vision Pro-nyň 2024-nji ýylyň güýzünden bäri bazara çykmajakdygyny aňladýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir