Niderlandiýaly Bert Ýanssen özboluşly dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda oturdylan ýürek bilen iň uzak ýaşaýan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord 39 ýyl 248 güne barabar diýip, esquire.kz habar berýär. 17 ýaşynda Bert dümewiň dowamly alamatlaryndan zeýrenýär. Lukmanlaryň barlagy netijesinde onda kardiomiopatiýa – dar ýa-da petiklenen arteriýalar sebäpli ýürek myşsasynyň gan bilen üpjünçiliginiň ýeterlik bolmazlygy bilen baglanyşykly hroniki kesel ýüze çykarylýar. Hünärmenler ýigide ýürek oturtmagyň zerurdygy baradaky netijä gelýärler. Bert Londonyň Harfild hassahanasyna iberilýär. Eýýäm bir hepdeden soň, transplantasiýa geçirilýär, ýene bir günden soň bolsa ýaş ýigit kämillik ýaşyny belleýär. Häzir Bert Ýanssen öýlenen we iki ogluny terbiýeleýär. Ol paraplanda uçmak bilen meşgullanýar we täze rekordlary goýmagy meýilleşdirýär. Mundan öň niderlandiýaly tennis we woleýbol bilen gyzyklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir