Finlýandiýanyň öňki premýer-ministri, Milli koalisiýa partiýasyndan hödürlenen dalaşgär Aleksandr Stubb Finlýandiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy diýip, ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan Euronews ýazýar. Sesleriň 100%-i sanalandan soň, Stubb 51,6% ses aldy. Onuň bäsdeşi, öňki Daşary işler ministri we Mejlisiň agzasy Pekka Haawisto 48,4% ses aldy. Ses berişlige gatnaşanlaryň sany 67,6% boldy. Saýlawyň soňky netijeleri Adalat ministrligi tarapyndan 14-nji fewralda tassyklanar. Ertesi gün ýurduň hökümeti umumy mejlisinde saýlawlaryň netijelerini yglan eder. Stubb prezidentiň wezipelerini ýerine ýetirmeklige mart aýynda girişer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir