«Arsenal» futbol kluby Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 24-nji tapgyrynyň çäklerindäki London derbisinde «West Hemi» ýeňdi. Duşuşyk «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Wilýam Saliba (32-nji minut), Bukaýo Saka (41-nji minut, penalti, 63-nji minut), Gabriel Magalýans (44-nji minut), Leandro Trossard (45+2) we Deklan Raýs (65-nji minut) derwezä girizdiler. «West Hem» Angliýanyň çempionatynda öz meýdançasyndaky iň agyr ýeňlişe sezewar boldy, «Arsenal» bolsa bu ýaryşdaky taryhynyň dowamynda myhmançylykdaky iň uly ýeňşini gazandy. «Arsenal» 24 oýunda 52 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda üçünji orunda barýar. «West Hem» bolsa 36 utuk bilen sekizinji orunda barýar. Indiki tapgyrda «Arsenal» myhmançylykda «Bernli» bilen, «West Hem» bolsa myhmançylykda «Nottingem Forest» bilen duşuşar. Iki oýun hem 17-nji fewralda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir