Guwanç Orunow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Abdulla Geldiýew bellenildi. Ondan öň ol gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Abdulla Geldiýew Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-gurluşykçy diplomy bilen tamamlady. 2013-nji ýyldan gurluşyk işleriniň ussasy bolup işe başlady, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylda ministriň orunbasary wezipesine bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir