Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Aramow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi Röwşen Hydyrowa käýinç yglan edildi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir