Başga işe geçmegi sebäpli N.Nazarmyradow oba hojalyk ministri wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Çaryýar Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy fewralda giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Ç.Çetiýew 2012-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2022-nji ýylyň sentýabrynda oba hojalyk ministriniň ýer işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir