Anna güni giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada karara gelendigini aýtdy. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip, Prezident aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly resminama gol çekdi. Serdar Berdimuhamedow üýtgedip guralan ministrligiň we täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselä geçip, başga işe geçmegi sebäpli N.Nazarmyradowy oba hojalyk ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu wezipä Çaryýar Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Mülkaman Öwezliýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Begmyrat Ataýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Goçmyrat Ataýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Dörtguly Süleýmanow, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Nurmuhammet Berdiniýazow bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir