Gurbangül Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli bilim ministri wezipesinden boşadyldy. Täze bilim ministri wezipesine Baýramgül Orazdurdyýewa bellenilip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Baýramgül Orazdurdyýewa hukuk ugrundan ýokary bilim aldy. Ol Magtymguly adyndaky TDU-da mugallym, bilim ministriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça orunbasary wezipelerinden işledi. 2017-nji ýyldan bäri bolsa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine rektorlyk etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir