Amerikan futbol kluby “Inter Maýami” Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlar topary bilen ýoldaşlyk oýnunda ýeňiş gazandy. Gonkongda geçirilen duşuşyk MLS klubunyň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gol bilen Robert Teýlor, Louson Sanderlend, Leonardo Kampana we Raýan Seýlor tapawutlandy. Gonkong toparyndan ýeke-täk goly Henri Anier geçirdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Ruslan Mingazow “Gonkong Timiň” düzüminde oýnuň birinji ýarymynda oýnady we ikinji ýarymyň başynda çalşyldy. Ýöne tomaşaçylar meýdançada “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messini we hüjümçi Luis Suaresi görüp bilmediler. Olar ätiýaçdaky oýunçylaryň ýerinde oturdylar. “Barselonanyň” öňki oýunçylary Serhio Buskets bilen Žordi Alba 62-nji minutda meýdança çykdy. “Inter Maýaminiň” baş tälimçisi Herardo Martino esasy oýunçylaryň lukmançylyk görkezmeleri esasynda meýdança çykmandygyny düşündirdi. “Eger biz olary meýdança çykaran bolsak, olaryň fiziki saglygy bilen töwekgelçilik etdigimiz bolardy. Janköýerleriň nägiledigine düşünýäris we olardan ötünç soraýarys. Biz Messiniň az wagtlyk hem bolsa meýdança çykmagynyň mümkin bolmagyny isledik, ýöne töwekgelçilik örän ýokarydy” – diýip, South China Morning Post neşirine salgylanyp, gazeta.ru tälimçiniň sözlerini getirýär. Neşir tomaşaçylaryň oýun wagtynda münberden gygyryp, petek üçin pullaryň yzyna gaýtarylmagyny talap edendigini belleýär. Oýna 38 müň töweregi adam gatnaşdy. Oýun üçin petegiň bahasynyň, takmynan, 108 dollar bolandygy bellenilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir