2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýny Nýu-Jersi ştatynyň Nýu-Ýork şäherindäki “Metlaýf-stedium” stadionynda geçiriler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär. Final oýny 19-njy iýulda geçiriler. Stadion 82,5 müň janköýeri kabul edip bilýär. Mundan başga-da, bürünç medal ugrundaky oýun Maýamidäki “Hard Rok Stedium” stadionynda oýnalar. Bu stadion 64 767 tomaşaçyny kabul edip bilýär. DÇ-2026 ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler. Ýaryşyň oýunlaryny Mehiko, Gwadalahara, Monterreý (ählisi Meksika), Toronto, Wankuwer (ikisi-de – Kanada), Nýu-Ýork, Filadelfiýa, Boston, Atlanta, Maýami, Hýuston, Dallas, Los-Anjeles, San-Fransisko, Kanzas-Siti, Sietl (ählisi ABŞ) kabul eder. Şeýle-de, bu 48 topar gatnaşjak ilkinji çempionat bolar. Jemi 104 oýun oýnalar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir