Transfermarkt internet portaly 2024-nji ýylyň iň gymmat gyşky transferleriniň reýtingini hödürledi. Bu barada championat.com belleýär. Birinji orny hüjümçi Witor Rokeniň “Atletiko Paranaenseden” 40 mln ýewro “Barselona” geçişi eýeledi. Ikinji orunda goragçy Saşa Boeniň “Galatasaraýdan” 30 mln ýewro “Bawariýa” transferi ýerleşdi. Üçlügi goragçy Radu Dreguşiniň “Jenoadan” 25 mln ýewro “Tottenheme” geçişi jemledi. 2024-nji ýylyň iň gymmat gyşky transferleriniň ilkinji onlugy: Witor Roke (“Atletiko Paranaenseden” “Barselona”, 40 mln ýewro); Saşa Boe (“Galatasaraýdan” “Bawariýa”, 30 mln ýewro); Radu Dreguşin (“Jenoadan” “Tottenheme”, 25 mln ýewro); Elif Elmas (“Napoliden” “RB Leýpsige”, 24 mln ýewro); Renan Lodi (“Marselden” “Al-Hilýala”, 23 mln ýewro); Adam Uorton (“Blekbern Rowersden” “Kristal Pelasa”, 21,1 mln ýewro); Gabriel Moskardo (“Korintiansdan” “PSŽ-e”, 20 mln ýewro); Lukas Beraldo (“San-Pauludan” “PSŽ-e”, 20 mln ýewro); Artur Wermeren (“Antwerpenden” “Atletiko”, 18 mln ýewro); Markos Leonardo (“Santosdan” “Benfika”, 18 mln ýewro).

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir