Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek “Masters” ýaryşyna gatnaşar. Bu barada ýaryşyň X sosial ulgamyndaky akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Ýaryş 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan 17-nji marty aralygynda geçiriler. Soňky gezek Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşa 2019-njy ýylda gatnaşdy we şonda üçünji tapgyr oýunda germaniýaly Filipp Kolşraýberden 4:6, 4:6 hasabynda utuldy. Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşyň bäş gezek çempionydyr. Ol bu ýaryşda 2008, 2011, 2014, 2015 we 2016-njy ýyllarda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir