Meksikanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda oýnar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär. Duşuşyk 11-nji iýunda Mehikodaky 87 523 tomaşaçyny kabul edýän “Asteka” stadionynda geçiriler. Meksikanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy gijräk belli bolar. Kanadada dünýä çempionatynyň taryhda ilkinji oýny 12-nji iýunda Torontoda geçiriler. Kanadanyň 2026-njy ýylyň dünýä birinjiliginiň oýnuny kabul etjek ýene bir şäheri Wankuwerdir. Meksika dünýä çempionatyny üçünji gezek kabul edýän ilkinji ýurt boldy. Öň, ýaryş bu ýerde 1970-nji we 1986-njy ýyllarda geçirildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir