Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär okuwyna 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň Tertibi: 1. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär. Harby-deňiz institutynda ýokary hünär biliminiň okuw möhleti 5 okuw ýyly. 2. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär biliminde okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilliginiň adyna 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. 3. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimini almaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär. 4. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär. 5. Giriş synagyny tabşyryp, Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine okuwa kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär hem-de olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir