Iordaniýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Günorta Koreýanyň toparyny utdy. Duşuşyk 0:2 hasabynda tamamlandy. Gol bilen Ýazan Al-Naýmat (53-nji minut) we Mussa Al-Tamari (66) tapawutlandy. Iordaniýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň finalynda oýnar. Öň, topar bu ýaryşda dörtden bir finaldan uzak geçmändi. 7-nji fewralda geçiriljek beýleki bir ýarym final oýnunda ýaryşyň eýesi Kataryň topary Eýrana garşy oýnar. Günorta Koreýa FIFA-nyň reýtinginde 23-nji orny, Iordaniýa 87-nji orny eýeleýär. Häzirki ýaryşda Iordaniýa toparçada üçünji orundan pleý-offa çykdy, 1/8 finalda BAE-ni, dörtden bir finalda Täjigistany utdy. Aziýanyň Kubogy 10-njy fewralda tamamlanar. 2019-njy ýylda ýaryşda Katar ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir