Kot-d'Iwuaryň milli futbol ýygyndysy Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym finalynda Kongo DR-nyň milli toparyny utdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly Sebastýan Aller geçirdi. 11-nji fewralda geçiriljek ýaryşyň esasy oýnunda Kot-d'Iwuar 1/2 final oýnunda GAR-y utan Nigeriýa bilen duşuşar. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda nigeriýalylar güýçli boldy (4:2). Ýarym finalda utulan toparlar 10-njy fewralda geçiriljek üçünji orun ugrundaky oýunda duşuşarlar. Häzirki wagtda ýaryşyň iň köp gol girizen oýunçysy Ekwatorial Gwineýadan Emilio Nsuedir (bäş gol). Angoladan Žasintu Dalanyň we müsürli Mostafa Mohamediň hersiniň hasabynda dört gol bar. Afrika milletleriniň kubogynyň çempion titulynyň häzirki eýesi Senegaldyr. Geçen finalda topar penalti tapgyrynda Müsüri utup, taryhynda ilkinji gezek bu kubogy almagy başardy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir