Agyr agram derejesinde çykyş edýän iki boksçy Aleksandr Usik we Taýson Fýuri maý aýynda Saud Arabystanynda absolýut dünýä çempiony diýen at üçin duşuşarlar. Ýeňiji aýratyn guşaga eýe bolar. Usik agyr agram derejesi boýunça Ýer ýüzündäki iň gowy bäş baýragyň dördüsine eýe. Ukrainanyň baýdagy astynda çykyş edýän boksçy britan Entoni Joşuany iki gezek ýeňeninden soň WBA-nyň, IBF-nyň, WBO-nyň we IBO-nyň çempionlyk guşaklaryna eýe boldy. Angliýaly Fýuri bir çempionlyga – Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) baýragyna eýe, ýöne ol edil Usik ýaly, hiç wagt ýeňilmedi. Ol ozal beýleki guramalaryň çempionlyk derejelerine eýedi, ýöne dürli sport bilen bagly bolmadyk sebäplere görä olary ýitirdi. Ozal habar berlişi ýaly, Usik bilen Fýuriniň söweşi 17-nji fewralda Saud Arabystanynda bolmalydy, ýöne söweş britaniýaly boksçynyň türgenleşik wagtynda gaşyny çapdyryp, agyr şikes almagy sebäpli yza süýşürildi. Indi gurnaýjylaryň söweşi yza süýşürmek niýeti ýok we onuň iň ahyrky möhleti 18-nji maý diýlip bellenildi. Bu söweşde ýeňiji çempionlyk atlarynyň ähli ýygyndysyna eýe bolar, şeýlelikde, bu söweş üçin «Agyr agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony» diýen ýörite guşak hem döredildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir