Futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Dohadaky “Ahmad bin Ali” stadionynda geçirilen birinji oýunda Iordaniýanyň milli ýygyndysy Täjigistany minimal hasap bilen utdy. 66-njy minutda goragçy Wahdat Hanonow öz derwezesine gol girizdi – 1:0. Şeýlelik bilen, Iordaniýa öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy. Beýleki bir oýunda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Günorta Koreýanyň toparyny utup bilmedi. Oýun El-Wakradaky “El-Janub” stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda awstraliýaly Kreýg Gudwin hasaby açdy, ýöne esasy wagtyň soňky minutynda Hwan Hi Çan penaltiden gol girizip, hasaby deňledi. Goşmaça wagtda Son Hyn Min 2:1 hasabynda öz toparyna ýeňiş getirdi. Birinji owertaýmyň ahyrynda awstraliýalylar az düzüm bolup galdylar: ýarym goragçy Eýden O’Nil oýundan çykaryldy. Ýarym finalda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy Iordaniýanyň milli topary bilen duşuşar. Oýun sişenbe güni, 6-njy fewralda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir